PISHNEVIS:
MEN BIR BITEN BAG BOLSAM
Men bir biten bag bolsam,
Alma bolsam, nar bolsam,
Miweli hem saýaly,
Boljak bolup ulalsam,
Miwämden ýoljak bolup,
Ösüp barýan çagalar,
Elleri gergenekli,
Asylsalar şahamdan,
Şum ajala diýjek men —
Çagalaň bagty üçin,
Häzir tutma ýakamdan.
Men bir uly bag bolsam,
Saýaly çynar bolsam,
Gol atan şahalarmyň,
Gaýymlygna guwansam,
Gurbanlyk gelýär diýip,
Garap duran maýa gyz,
Sallançak uçjak diýip,
Tanap assa şahamdan,
Şum ajala diýjek men —
Maýalaň bagty üçin,
Häzir tutma ýakamdan.
Men bir biten bag bolsam,
Akar suwuň boýunda.
Sowuk kölege bolsam,
Ýolagçylaň ýolunda.
Ýylyja howa bolsam,
Gyşyň aňzak gaýynda.
Peçlerne odun bolup,
Ýansam iliň öýünde,
Üşänler çoýunsalar,
Köz edilen şahamdan,
Şum ajala diýjek men —
Tutjak bolsaň tutuber,
Indi meniň ýakamdan.
Musa GYZYLJA
(Eýranly şahyr)
@tm_kanal
Däliretdiň
Sen güneş men günebakar,
Birje bakman däliretdiň.
Men bir teşne sen hem akar,
Suwa ýakman däliretdiň.
Aklymyň çyragy söndi,
Söýmen nesihaty pendi,
Bolsamda yşkyňda bendi,
Çözdüň dakman däliretdiň.
Bardyr gowgalar başymda,
Köp gyzlar degre daşyňda,
Ýylan zähri bar saçyňda,
Birje çakman däliretdiň.
Söwdalar düşdi serime,
Goşgyň doldy depderime,
Tükeniksiz dertlerime,
Bolman lukman däliretdiň.
Aşykdym men ýöreýşiňe,
Indi gümra öz işime,
Gijeler girip düýşüme,
Ýatdan çykman däliretdiň.
Musa GYZYLJA
(Eýranly şahyr)
@tm_kanal
Kündük
(Degişme goşgy)
Biri goýun bakypdyr,
gadym kündük tapypdyr,
Kündügüni sypalap,
üfläpdir jürnügünden,
Birden-de ullakan döw,
Çykypdyr kündüginden.
Döw aýdypdyr çopana —
Eý hoş ykbal, hoş niýet,
Ilki ýumgun gözüňi,
Soňam uly arzuw et.
Çopan diýipdir döwe —
Öýüm ýokda öý gerek?,
Dogrusy öýsiz ilsiz,
Ýaşap ýörmek biderek.
Döw aýdypdyr — şükür et,
Goýun hem gäwmişiň bar,
Wah meniň öýüm bolsa,
kündükde näm işim bar!?
Musa GYZYLJA
@tm_kanal
* * *
Seni gözläp agladym,
Dagyň bosagasynda.
Seni gözläp agladym,
Derýaň bosagasynda.
Seni gözläp agladym,
Ýeliň geçelgesinde,
Çar paslyň çatrygynda,
Gaýalaň kölgesinde.
Seni gözläp agladym,
Agaç penjirä bakyp.
Çaň tutan asmanyma,
Köne döwük gap tapyp.
Ähmet Şamlu
Pars şahyry
Tejime: Musa GYZYLJA
@tm_kanal
Bir setir döret
Bir setir döret aýdyma laýyk,
Bir goşgy oka söýsün halaýyk,
Dutar öwrenip halypa bolsaň,
Bir saz döretgin bolsun ajaýyp.
Gökden depeden guşlary inder,
Ýerdäki uçsun ganatyn ýaýyp.
Ger böwet bolsaň ýoluna iliň,
Goldan tutmazlar ýykylsaň taýyp.
Aýby bar kişiň aýbyna gülme,
Döwran aýlanar bolarsyň maýyp.
Saklagyn diliň gaharly wagtyň,
Ynjatma daşyň sen egsik saýyp,
Gyşda doňana çogly güneş bol,
Ýaşaýyş döret tylla nur çaýyp.
Gün aýa berýär altyn nurundan,
Sen hem güneş bol bolaňda gaýyp.
Musa GYZYLJA
(Eýranly şahyr)
@tm_kanal
+ نوشته شده در شنبه سیزدهم دی ۱۳۹۹ ساعت 10:42 توسط موسی قزلجه
|