در تلگرام qzlje@         
 

kündük

Kündük

(Degişme goşgy)

 

Biri goýun bakypdyr

gadym kündük tapypdyr

Kündügüni sypalap

üfläpdir jürnügünden

Birden-de  ullakan döw

Çykypdyr kündüginden

Döw aýdypdyr çopana 

Eý hoş ykbal, hoş niýet

Ilki ýumgun gözüňi

Soňam uly arzuw et

Çopan diýipdir döwe 

Öýüm ýokda öý gerek

Dogrusy öýsiz ilsiz

Ýaşap ýörmek biderek

Döw aýdypdyr — şükür et

Goýun hem gäwmişiň bar

Wah meniň öýüm bolsa

?! kündükde näm işim bar

 

Musa GYZYLJA

tm_kanal@

totytekellim@

Aýdym

Aýdym

(aýdym üçin goşuldy)

 

 

Bagda guşlar saýraşanda daň bilen

Başlaýaryn günlerimi gam bilen

Dünýe meniň gözlerime garaňky

Bürenipdir penjirämiz çaň bilen

 

 

Sen bilen öň bagtlydym dünýäde men

Aýdym aýdyp tans ederdim käte men

 

Dertlerinden kemelmeýär bu dünýäň

 

Nirä baksam gözlerime görünýäň

Gören badam ýüzüň sowýaň uýalýaň

Gül ýüzüňi görkezmeýäň bürenýäň

 

 

Sen bilen öň bagtlydym dünýäde men

Aýdym aýdyp tans ederdim käte men

 

 

Seni menden jyda eden diller bar

Seni menden aýra salan eller bar

Göripler bar akmaklar bar nadan bar

Bahyllar bar ýakynlar bar deller bar

 

Sen bilen öň bagtlydym dünýäde men

Aýdym aýdyp tans ederdim käte men

 

indi men ýalňyz alysda adada

Ajyda bolsa elim meň bada_da

Aşyk dänmez ykraryndan sözünden

Ýada magşuk durmadymy wada_ da

 

Sen bilen öň bagtlydym dünýäde men

Aýdym aýdyp tans ederdim käte men

 

 

Gel söýgülim artdyrmada näzleriň

Gaýgy gama ulaşdyrma sazlarym

Bir gün hazan deger gülli bagyňa

Bilmeýämiň gysgadygyn ýazlaryň

Bir gün hazan deger al ýaňagyňa

Bilmeýämiň gysgadygyn ýazlaryň

 

 

Sen bilen öň bagtlydym dünýäde men

Aýdym aýdyp tans ederdim käte men

 

MUSA GYZYLJA

qzlje@

 
  BLOGFA.COM